Turkmenportal logo
Şu gün 11:09
40734073
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ÝUNIDO Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady

Wenada Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (ÝUNIDO) ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçisi Hemra Amannazarow bilen ÝUNIDO-nyň Baş direktory Gerd Mülleriň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar Türkmenistan bilen ÝUNIDO-nyň arasynda durnukly senagat ösüşi, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we adam mümkinçiliklerini ösdürmek ugurlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar.

Gususan-da «ýaşyl» senagaty ösdürmek, senagat pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam bermek meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň diplomaty ýurduň durnukly ykdysady ösüşe we senagat toplumyny halkara ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen syýasata ygrarlydygyny nygtady. 

ÝUNIDO-nyň Baş direktory guramanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady hem-de özara gyzyklanma döredýän ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.