Britan Patyşa maşgalasyny goraýan polisiýa bölümçesiniň ýigrimiden gowrak işgäri gulluk wagty öz orunlarynda uklandyklary hem-de ony gözegçiliksiz goýandyklary üçin işden boşadyldy.
Londonyň polisiýasy «Patyşa maşgala agzalarynyň goragy toparyndan» bolan 23 serkerdä berk tertip-düzgün çäreleriniň görlendigini habar berdi. Geçen aý başlanan derňew işleriniň jemleri esasynda Windzor köşgüniň goragynda durýan 21 sany kiçi serkerde gullukdan boşadyldy diýip, «Reuters» habarlar gullugyna salgylanýan «rg.ru» habar berýär.
«Serkerdeleriň özlerini alyp baryşlary esasan hem, howpsuzlyk möhüm orunda goýulýan halatynda olardan garaşylýan ýokary talaplara gabat gelmeýär» diýip, polisiýanyň wekili aýtdy. Serkerdeleriň diňe ikisi derňew tamamlanýança patyşa goragynda galyp bilerler. «Emma muňa garamazdan, polisiýa britan patyşalygynyň agzalarynyň goragynyň hem-de howpsuzlygynyň derejesini derňär» diýip, Skotlend-Ýardyň wekili sözüniň üstüni ýetirdi.