Belorussiýanyň «Belawia» awiakompaniýasy 1-nji iýundan başlap, goşmaça goş orny üçin täze nyrhlary girizdi. Bu barada awiakompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi.
Bu hyzmat göz öňünde tutulandan has köp goş daşamaly bolan ýolagçylar üçin niýetlenendir. Goşmaça orny awiakompaniýanyň resmi saýtynda petek satyn alnan wagty, petek satyn alnandan soň «Bronirlemegiň statusy» (Статус бронирования) bölüminde, şeýle hem söwda ofislerinde we agentlerde resmileşdirip bolýar. Saýt arkaly resmileşdirilen ýagdaýynda, arzany uçuşa iň az 2 sagat galýança tabşyrmak zerurdyr.
Hyzmatyň bahasy ugra, resmileşdiriş usulyna we möhletine baglylykda kesgitlenýär.
Häzirki wagtda «Belawia» Türkmenistana hepdede iki gezek – çarşenbe we ýekşenbe günleri Minsk – Türkmenbaşy – Minsk ugry boýunça yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.