Turkmenportal logo
Şu gün 11:21
10341034
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Islandiýa Şweýsariýadan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat ýurduna öwrüldi

Islandiýa soňky birnäçe ýylyň içinde ilkinji gezek Şweýsariýadan öňe geçip, nyrhlaryň derejesi boýunça dünýäde birinji ýeri eýeledi. Bu barada «Bloomberg» agentligi Islandiýanyň «Viska» ak ýakalylar (ofis işgärleri) kärdeşler arkalaşygynyň hasaplamalaryna salgylanyp, habar berýär.

Kärdeşler arkalaşygynyň ykdysatçysy Wilýalmur Hilmarssonyň berýän maglumatlaryna görä, Islandiýadaky nyrh derejesi Şweýsariýadakydan üç göterim ýokarydyr. Hasaplamalar Ýewropanyň «Eurostat» statistika agentliginiň we Islandiýanyň Merkezi bankynyň maglumatlaryna esaslanýar. «Eurostatyň» habar bermegine görä, Islandiýada nyrhlar soňky gezek 2018-nji ýylda Şweýsariýadakydan ýokary bolupdy.

Dünýäniň iň gymmat ýurtlarynyň üçlügine Norwegiýa hem girdi. Dördünji ýeri Lýuksemburg eýeledi, bäşinji orny bolsa ABŞ bilen Irlandiýa paýlaşdy.

Ykdysatçy Hilmarsson nyrhlaryň ýokarlanmagyny pandemiýadan soňky syýahatçylyk akymynyň adatdan daşary artmagy bilen baglanyşdyrýar. Bu ýagdaý ýurduň ykdysadyýetini dikeltmekde esasy güýçleriň biri boldy, ýöne şol bir wagtyň özünde hümmetsizlenmäni (inflýasiýany) güýçlendirdi. Onuň aýtmagyna görä, syýahatçylyk pudagy hyzmatlar ulgamyndaky inflýasiýa we aýlyk haklarynyň ýokarlanmagyna täsir edýär, şeýle-de ýaşaýyş jaý bazaryna düýpli täsirini ýetirdi.

Hilmarsson Islandiýanyň ykdysadyýetiniň durnukly inflýasiýa basyşyny döredýän zähmet sygymly pudaklara baglydygyny we ýurduň täze pudaklary ösdürmelidigini belläp geçdi.

Dörän ýagdaý Islandiýany ýokary girdejili ýurtlaryň hyzmatlaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň we gündelik sarp edilýän harytlaryň yzygiderli gymmatlamagy şertlerinde ilatyň durmuş derejesini nädip saklap biljekdikleri baradaky has giňişleýin çekişmeleriň merkezine goýýar.