Turkmenportal logo
Düýn 21:55
13781378
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ukrainanyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işler ynanylan wekili bilen duşuşyk geçirildi 

Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ukrainanyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işler ynanylan wekili hökmünde Aşgabatdaky diplomatik wezipesini tamamlaýan Petro Makarenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky gatnaşyklary ikitaraplaýyn esasda we halkara guramalaryň çäklerinde ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.