Turkmenportal logo
Şu gün 11:21
26202620
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Adalat» hukuk maglumatlar binýady internet sahypasy we ykjam goşundy arkaly onlaýn abunanyň esasynda elýeterli boldy

Türkmenistanyň Adalat ministrligi «Adalat» kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň elektron maglumatlar binýadyna fiziki we ýuridik şahslar üçin onlaýn elýeterliligi üpjün etdi. Ulanyjylar bu hyzmatdan ministrligiň resmi internet sahypasy — minjust.gov.tm hem-de ykjam goşundy arkaly peýdalanyp bilerler.

Bu mümkinçilik Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda №1901 belgisi bilen döwlet tarapyndan bellige alnan buýrugynyň esasynda ýola goýuldy.

Maglumatlar binýadyna girmek üçin ulanyjy ilki bilen öz ykjam telefon belgisini girizmeli. Soňra şol belgä iberilen bäş belgili tassyklama kody girizilýär. Ondan soňra ulanyjy adyny, familiýasyny, atasynyň adyny hem-de pasport maglumatlaryny görkezýär. Hasaba alnandan soň, degişli abuna meýilnamasy saýlanylýar. Bir aýlyk abunanyň bahasy 20 manat, üç aýlyk abuna 60 manat, alty aýlyk abuna bolsa 120 manatdyr. Tölegler Halkbankyň, Senagat paýdarlar täjirçilik bankynyň ýa-da Rysgal paýdarlar täjirçilik bankynyň onlaýn hyzmatlary arkaly amala aşyrylýar. Abuna her bir ulanyjy üçin aýratynlykda resmileşdirilýär.

«Adalat» maglumatlar binýadynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan we kodekslerinden başlap, Prezidentiň permanlary, kararlary hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan döwlet tarapyndan bellige alnan pudaklaýyn hukuk namalaryny öz içine alýan 13 müňden gowrak kadalaşdyryjy hukuk resminamasy jemlenendir. Maglumatlar binýadynda ýokary derejeli hukuk namalary 1990–2026-njy ýyllary, pudaklaýyn resminamalar bolsa 1995-nji ýyldan häzirki döwre çenli bolan döwri öz içine alýar. Resminamalar türkmen we rus dillerinde ýerleşdirilip, olaryň iki görnüşini bir wagtda görmek mümkinçiligi döredilendir. Gözleg ulgamy açar söz, resminamanyň ady, kabul edilen ýyly, döwlet belliginiň belgisi ýa-da umumy hukuk klassifikatorynyň indeksleri boýunça maglumat tapmaga mümkinçilik berýär.

2022-nji ýyldan bäri ulgamda programmanyň kämilleşdirilen görnüşi ulanylýar. Onda kodeksler we kanunlar boýunça ylmy-amaly düşündirişler, hukuk sözlügi, şeýle hem girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar nazara alnyp täzelenen hukuk resminamalarynyň doly görnüşleri ýerleşdirilendir.