BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Mohammad Ishak Daryň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen tarapy Türkmenistanyň BMG-niň hem-de beýleki halkara platformalarynyň çäklerinde öňe sürýän halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin Pakistana minnetdarlyk bildirdi.
Taraplar ählumumy we sebit howpsuzlygy meseleleriniň aýratyn ähmiýetini nygtadylar.
Ýokary derejedäki syýasy dialogyň türkmen-pakistan gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Diplomatlar ähli özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça syýasy dialogy we amaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny nygtadylar.
Ikitaraplaýyn ykdysady we infrastruktura hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiligine aýratyn üns berildi. Şeýle hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň ösdürilmegi hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň döredilmegi ýaly sebit taslamalarynyň amala aşyrylýandygy bellenildi.
Ministrler öňde boljak ikitaraplaýyn çäreleriň taýýarlygy, şol sanda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan hökümetara toparynyň mejlisi, şeýle hem bilelikdäki işewürlik, medeni we ynsanperwer çäreleri geçirmek başlangyçlary barada pikir alyşdylar.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup, iki ýurduň halklarynyň özara düşünişmegini berkitmäge we has-da ýakynlaşmagyna ýardam berýändigi nygtaldy.