Turkmenportal logo
Düýn 22:49
40634063
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk 29-njy maýda Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde geçirildi. Çärä meşhur sport işgärleri, şol sanda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň wise-prezidenti Otabek Umarow hem gatnaşdy.

​Imankuliýew garşydaşyny nokout edip, tutluşygy eýýäm birinji raundda möhletinden öň tamamlady. Türkmen türgeniniň garşydaşy professional derejede 8 ýeňşi, 1 ýeňlişi we 1 deňme-deň oýny bolan tanzaniýaly boksçy Adam Daça boldy. Tutluşyk ýarym agyr agram derejesinde (69,8 kg çenli) geçdi.

​Hursand Imankuliýew — halkara derejeli sport ussasy, Türkmenistanyň 10 gezekki çempionydyr. Ol şeýle hem ýurduň adyndan dünýä çempionatlarynda we Aziýa oýunlarynda çykyş etdi. 2017-nji ýylda Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň bürünç medalyny eýeledi, 2018-nji ýylda bolsa Polşada geçirilen Feliks Ştamm adyndaky XXXV halkara ýaryşyň ýeňijisi boldy.

​Geçirilen bu tutluşyk Imankuliýewiň professional derejedäki ilkinji titully söweşi boldy.

​World Boxing Council (WBC) — dünýäniň öňdebaryjy dört boks guramasynyň biri bolup, ol 1963-nji ýylda esasландыryldy. WBC Eurasia tituly bolsa sebit çempionlyk guşagy bolup, guramanyň resmi reýting ulgamyna girýär.