Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanyň Karşi şäherinde 19–24-nji maý aralygynda Ismat Şukurowyň ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen «Karshi Open-2026» halkara küşt ýaryşynda III orny eýeledi.
Ýaryşa umumylykda 10 ýurtdan 56 küştçi gatnaşdy. Bäsleşik 9 tapgyrdan ybarat şweýsar ulgamy boýunça, nusgawy wagt gözegçiliginde geçirildi.
9 mümkin bolan utukdan 7 utuk toplan küştçileriň arasynda goşmaça görkezijiler boýunça: I orny Witaliý Bernadskiý (Ukraina, FIDE reýtingi 2507), II orny Saýdakbar Saýdaliýew (Özbegistan, FIDE reýtingi 2454), III orny Saparmyrat Atabaýew (Türkmenistan, FIDE reýtingi 2471) eýeledi.

Baýrak hökmünde türkmen grossmeýsterine 30 million özbek somy möçberinde pul baýragy gowşuryldy.
27 ýaşly Saparmyrat Atabaýew häzirki döwürde Türkmenistanyň iň güýçli küştçileriniň biri hasaplanylýar. Ol Aşgabat şäherinde dünýä inip, ýaşlyk ýyllaryndan bäri ýurduň iň uly geljegi bolan küştçileriniň biri hökmünde tanalýardy. Saparmyradyň ilkinji tälimçisi Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýew bolup, ol köp ýyllardan bäri onuň halypasy bolup galýar.

Saparmyradyň doganoglany Ýusup Atabaýew hem ýaryşa gatnaşyp, 6 utuk toplap, 8-nji orny eýeledi.

«Karshi Open-2026» ýaryşynyň netijeleri bilen ýöriteleşdirilen serwerde tanşyp bolýar: https://s3.chess-results.com/tnr1392674.aspx?lan=1&art=1&rd=9&fed=TKM&flag=30&SNode=S0.