Turkmenportal logo
Şu gün 17:13
35873587
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda maýning ulgamyny ösdürmek üçin maglumatlary işläp taýýarlaýan merkezleri döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan ýokary öndürijilikli hasaplamalar, şol sanda kriptowalýuta ulgamy üçin maglumatlary işläp taýýarlaýan merkezleri (MIM) döretmek boýunça halkara kompaniýalary bilen gepleşikleri geçirýär. Bu barada energetika ministri Annageldi Saparow «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara maslahatda eden çykyşynda belledi.

«Türkmenistan dünýäniň tehnologik meýillerine yzygiderli goşulyşýar. 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, «Wirtual aktiwler hakynda» Kanun güýje girdi, ol kriptowalýuta maýningini hem-de kriptobiržalaryň işini kanunlaşdyrmak üçin hukuk binýadyny döretdi. Bu ugry durmuşa geçirmegiň çäklerinde häzirki wagtda ýokary öndürijilikli hasaplamalar üçin döwrebap maglumatlary işläp taýýarlaýan merkezleri (MIM) döretmek meseleleri boýunça ugurdaş halkara kompaniýalary bilen deslapky gepleşikler we duşuşyklar geçirilýär» diýip, ol nygtady.

Şeýle-de ministr geljekde şular ýaly taslamalaryň amala aşyrylmagynyň öndürilýän elektrik energiýasynyň artykmaçlyklaryny netijeli peýdalanmaga we milli energiýa ulgamyny sanly ykdysadyýete goşmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

A.Saparow gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlary Türkmenistanyň paýtagtynda bilelikdäki energetika we tehnologik taslamalary durmuşa geçirmek boýunça dialoga çagyrdy.

«Ak şäherim Aşgabat» halkara maslahaty 24-25-nji maýda geçirilýär we ol türkmen paýtagtynyň 145 ýyllygyna bagyşlanýar. Foruma 55 ýurtdan wekiller gatnaşýar. Çäräni «Türkmen Energiýa Forum» kompaniýasy Aşgabat şäher häkimligi, Energetika, Senagat we gurluşyk önümçiligi, Gurluşyk ministrlikleri, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen bilelikde guraýar.