Turkmenportal logo
Şu gün 14:14
65836583
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Aşgabat şäheriniň güni bellenilýär

Şu gün Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtda hem-de ýurduň ähli künjeklerinde baýramçylyk dabaralary, konsertler, sergiler we döredijilik duşuşyklary geçirilýär. Bu baýramyň orta mekdepleriň uçurymlarynyň "Soňky jaň" dabarasy bilen utgaşmagynda hem özboluşly many bar. Goşa baýramçylyk mynasybetli guralýan çäreler egsilmez şatlyk-şowhuna beslenýär.

Bu baýramçylyk 2013-nji ýyldan bäri bellenilip gelinýär. Şol ýyl Aşgabat dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şeýle-de Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigini bellemek gerek.

Baş şäheriň baýramçylygy bilen utgaşyklylykda, ýurduň paýtagtynda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi hem geçirilýär. Sergi şähergurluşyk, binagärlik we häzirki zaman şäher infrastrukturasyny döretmek babatda ýurduň gazanan üstünliklerini, toplan tejribesini we mümkinçiliklerini görkezmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli watandaşlaryna iberen Gutlagynda hem bellenilişi ýaly: ««Aziýanyň merjen şäheri» diýen ykrarnama eýe bolan paýtagtymyzda amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyklar Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýän, türkmenistanlylaryň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli, durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly baýramçylyklara gabatlanyp, baş şäherimizde dürli maksatly desgalary we ýaşaýyş jaýlaryny açyp ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Watanymyzyň ak mermerli paýtagtynda şeýle maksatly desgalaryň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Watanymyzyň ýüregi ak şäherimiz Aşgabadyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri, ajaýyp binagärlik keşbi bütin halkymyzyň buýsanjydyr, döredijilik kuwwatynyň aýdyň görkezijisidir. Aşgabat dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri hökmünde öz derejesini barha berkidýär».