Turkmenportal logo
Şu gün 02:26
1340313403
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Ak tamda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Dabaranyň dowamynda ilçi E.Aýdogdyýew ABŞ-nyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hem öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine dostlukly salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda 34 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän gatnaşyklaryň ähmiýetini we söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika, medeniýet hem-de beýleki özara bähbitli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmany bellediler.