Turkmenportal logo
Şu gün 07:49
37583758
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Aston Willa» taryhynda ilkinji gezek UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy

Angliýanyň «Aston Willa» futbol kluby UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy. Klub final duşuşygynda Germaniýanyň «Fraýburg» toparyny utdy. Duşuşyk Stambul şäheriniň «Beşiktaş» stadionynda geçirildi we 3:0 hasabynda tamamlandy.

Ýeňiji toparyň düzüminde gollary Ýuri Tilemans 41-nji minutda, Emiliano Buendiýa 45+3-nji minutda we Morgan Rojers 58-nji minutda geçirdi.

Bu baýrak «Aston Willa» klubynyň taryhynda UEFA-nyň Kubogynda we Ýewropa ligasynda gazanylan ilkinji üstünlik boldy. Mundan ozal topar hiç wagt çärýek finalyndan aňry geçmändi. «Aston Willa» ozal hem Ýewropa çempionlarynyň kubogy we UEFA-nyň Super kubogy ýaryşlarynda ýeňiji bolupdy — bu iki kubok hem 1982-nji ýylda gazanylypdy.

«Aston Willanyň» baş tälimçisi ispaniýaly Unai Emeri bolsa Ýewropa ligasynyň bäşinji gezek ýeňijisi boldy. Bu görkeziji ähli tälimçileriň arasynda rekord hasaplanýar. Ol mundan öň üç gezek «Sewilýa» bilen, bir gezek hem «Wilýarreal» bilen bu ýaryşda ýeňiş gazanypdy.

«Fraýburg» üçin bu final Ýewropa kubogy ugrundaky ilkinji final duşuşygy boldy. Mundan öň nemes toparynyň Ýewropa ýaryşlaryndaky iň gowy netijesi Ýewropa ligasynyň 1/8 final tapgyrydy. Klub bu derejä 2023 we 2024-nji ýyllarda ýetipdi.