Turkmenportal logo
Şu gün 10:57
28832883
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Zeppelin Turkmenistan JV» SEM Caterpillar Brand awtogreýderlerini hödürleýär

«Zeppelin Turkmenistan JV» HJ-niň resmi dileri Türkmenistanyň bazarynda SEM markaly awtogreýderleri Aşgabatda we Balkan welaýatynda doly hyzmat goldawy bilen hödürleýär. Tehnika «Caterpillar Inc.» korporasiýasynyň inženerçilik goldawy astynda öndürilýär we aşa ýokary temperatura şertlerinde işlemäge uýgunlaşdyrylandyr.

SEM ýol gurluşyk enjamlarynyň hatary awtogreýderleriň dört sany esasy modelini öz içine alýar, olaryň arasynda ähli tekerleri hereketli (polnopriwod) SEM922F AWD modifikasiýasy aýratyn uly islegden peýdalanýar. Agramy 17,7 tonna bolan bu ulag 162 kWt kuwwatly güýç agregaty bilen enjamlaşdyrylandyr we çylşyrymly howa şertlerde agyr ýer gazyş işlerini ýerine ýetirmek, ýol düşegini profillemek we tekizlemek üçin niýetlenendir.

Tehnologik artykmaçlyk

SEM awtogreýderleriniň esasy bäsdeşlik artykmaçlygy — «Caterpillar» tarapyndan öndürilen PPPC (proporsional-aragatnaşykly basyşy kompensasiýalaşdyrmak) gidrawlik ulgamynyň ornaşdyrylmagydyr. Bu adaptiw tehnologiýa gidrawlikanyň dürli ýükli funksiýalaryny birleşdirmek mümkinçiliginiň hasabyna işiň dowamlylygyny gysgaltmaga şert döredýär. Şunda silindrleriň öňe çykyş tizligi hereketlendirijiniň aýlaw sanyna bagly däldir, bu bolsa ulgamyň işiniň öňünden çaklanylmagyny we iş enjamlarynyň ýokary takyklykda dolandyrylmagyny üpjün edýär.

Guty şekilli kesimdäki berk çekiji rama iň ýokary agram düşýän zolaklarda durnuklylygy saklamak üçin kebşirlenmezden bitewi polatdan öndürilendir. A-görnüşli ramanyň şeýle gurluşy dykyz toprak bilen işlenilende zerur bolan towlanma garşy durnuklylygy üpjün edýär we otwalyň ýokary gysyş güýjüni döredýär. Nusgawy ryçagly dolandyryş maşynyň ähli işçi organlarynyň takyk we anyk jogap bermegini kepillendirýär.

Ulanyş çykdajylarynyň azaldylmagy

«SEM» kompaniýasynyň inženerleri tehniki hyzmat talap etmeýän tandem zynjyrly mostlaryň ýörite gurluşyny işläp düzdüler, bu bolsa ýag çalşylmagynyň möhletini 2 000 moto-sagada çenli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Binýatlaýyn (baza) komplektasiýada awtogreýderiň esasy işçi agregatlarynyň könelme derejesini azaltmak üçin aňsat çalşylýan ýa-da sazlanylýan könelişýan prostawkalaryň toplumy göz öňünde tutulandyr. 

Müşderiler islege görä otwalyň gyrasy bir päsgelçilige degende öwrüm halkasynyň dişlerini we geçiriji mehanizmini goraýan süýşýän muftany, şeýle hem otwalyň wezipe üýtgetmegini ep-esli aňsatlaşdyrýan kulisanyň gidrawlik gulpuny gurduryp bilerler.

Çeýe konfigurasiýa

Alyjylar ýerine ýetirilýän wezipeleriň aýratynlygyna baglylykda, iň amatly iş enjamlaryny saýlap bilýärler. Katalogda öňki otwal, üç ýa-da bäş dişli ýumşadyjy (ryhlytel), şeýle hem gaty toprak bilen işlemek üçin 9 dişli kirkowşik hödürlenilýär.

Öwrüm halkasyny süýşürmegiň 7 pozisiýaly kulisasy operatora otwalyň talap edilýän wezipesini göni kabinanyň içinden çalt gurnamaga mümkinçilik berýär. Otwalyň gapdala tarap uly çykyşy profilleme işlerinde öndürijiligi ýokarlandyrýar. Ýöriteleşdirilen wezipeler üçin otwaly «ýüzüji» tertibe geçirmek göz öňünde tutulandyr, bu ýagdaýda ol ýol düşeginiň profilini takyk gaýtalap, güýçli basyşsyz ýüze degip geçýär.

Ergonomika we rahatlyk

Giň kabina öňki ýarymramada ýerleşýär, bu bolsa operatoryň iş zolagyny aňsat görmegini üpjün edýär. Otwal we öňki tekerler hatda öwrümler ýerine ýetirilende-de doly görüş zolagynda galýar. Kabinanyň göwrümi bäsdeş modelleriň degişli görkezijilerinden 30% has giňdir, bu bolsa iş çalşygynda operatoryň ýadama derejesini ep-esli azaldýar.

Serwis goldawy

«Zeppelin Turkmenistan JV» HJ «SEM» enjamlarynyň Türkmenistanyň bütin çäginde ygtybarly we bökdençsiz ulanylmagyny üpjün edýär. Aşgabatda we Balkan welaýatynda hyzmat ediş merkezleriniň hem-de göçme toparlaryň bolmagy dessin tehniki goldawy we ýokary derejeli hyzmaty kepillendirýär. Kompaniýa müşderilere amatly komplektasiýany saýlap almakdan başlap, meýilleşdirilen tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmäge çenli ähli tapgyrlarda goldaw berýär.

Maglumat üçin: «SEM» tehnikalary boýunça teklipler aşakdaky saýtlaryň onlaýn-katalogynda elýeterlidir.

https://www.zeppelin.tm/catalog

https://www.semmachinery.com/CIS_RU/index.html 

Habarlaşmak üçin: 

Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 608

Telefon: +993 (12) 37 90 90, 

Elektron poçta: info.turkmenistan@zeppelin.com.