Aşgabatdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurduň sungat ussatlarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan konserti boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Aýdym-sazly dabara çykyş bilen açyldy. Ýerine ýetirilen edebi-sazly kompozisiýada Döwlet tugunyň hemişe parlap durmagy baradaky ajaýyp arzuwlar beýan edildi. Konsertde şeýle mazmuny özünde jemleýän aýdym-sazly hem-de tansly çykyşlar uly joşgun bilen ýerine ýetirildi.

Konsertiň maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň baý öwüşginleri, onuň görnüşleriniň, döredijilik mekdepleriniň köpdürlüligi öz beýanyny tapdy. Sahna bezegi, sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary, joşgunly tanslar tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Konsertiň dowamynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýen şygaryndan ugur alnyp, ahalteke bedewlerimize bagyşlanan çykyşlara-da orun berildi. Dabara gatnaşyjylar konsertiň ajaýyp jemlenmesi bolup ýaňlanan aýdymy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
