Şu gün Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlardan öýleriň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň we onuň edaralarynyň ýolbaşçylary, ýaşulular, şäheriň köpsanly ýaşaýjylary, myhmanlary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, täze jaýlaryň öý eýelerine açarlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabaranyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar ýaşaýyş jaýyň öýlerinde döredilen amatly şertler bilen tanyşdylar. Jaýlaryň gurluşygynda we enjamlaşdyrylyşynda, bezeg işlerinde iň häzirki zaman usuldaky çözgütler ulanyldy. Täze jaýlarda otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan we türkmen halkynyň milli ruhuna kybap gelýän derejede enjamlaşdyrylan aşhanalaryň, çagalara niýetlenilen we beýleki otaglaryň mümkinçilikleri häzirki zaman görkezijilerine doly gabat gelýär. Jaýyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr hem-de milli toý-dabaralaryny geçirmek we sadaka bermek üçin ýörite bina gurlupyr.
Öýlerde döredilen şertler bilen tanşan dabara gatnaşyjylar häzirki zaman jaýlarynyň otaglarynyň ýerleşdirilişine we enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha berdiler. Täze jaýlara göçüp gelen bagtyýar maşgalalar aýdylýan hoşniýetli arzuwlar üçin öz hoşallyklaryny bildirdiler.