Turkmenportal logo
Düýn 23:53
25922592
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Azerbaýjanyň Prezidentiniň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Türkmenistanyň Prezidentine ýörite sowgatlar gowşuryldy

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Patyşa maşgalasynyň çakylygy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna amala aşyran saparynyň dowamynda bu ýerde ýaýbaňlandyrylan atly sport çykyşlaryna tomaşa etdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, onuň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet serhet gullugynyň başlygy Elçin Guliýew Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyp, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Türkmenistanyň Prezidentine mähirli salamyny ýetirip, dostlukly döwletiň Baştutanynyň ýörite sowgatlaryny gowşurdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri özüniň minnetdarlygyny bildirip, Prezident Ilham Aliýewe hoşniýetli sözlerini beýan etdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Azerbaýjan Respublikasynyň atly ýigitleriniň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere üstünlikleri arzuw edip, Winzal galasyndan ugrady.