Turkmenportal logo
Düýn 23:51
23712371
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gahryman Arkadag Beýik Britaniýa saparynyň dowamynda atly sport çykyşlaryna tomaşa etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Patyşa maşgalasynyň çakylygy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna amala aşyran saparynyň dowamynda bu ýerde ýaýbaňlandyrylan atly sport çykyşlaryna tomaşa etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Ýewropanyň ösen ýurtlarynyň biri bolan Beýik Britaniýada atçylygyň we atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu ýerde dürli tohumdaky atlaryň arasynda atçylyk sportunyň birnäçe görnüşleri boýunça halkara bäsleşikleri, at çapyşyklary guralýar. Abraýly halkara sport baýramçylygynyň guralan ýerinde Türkmenistanyň mukaddes döwlet baýdagy belentde buýsançly parlaýar. Bu bolsa dünýäde uly ykrarnama eýe bolan Türkmenistan döwletine hem-de özüniň gaýtalanmajak gözelligi we çalasynlygy bilen tutuş dünýäni asyrlarboýy haýran galdyryp gelýän ahalteke bedewlerine goýulýan hormat-sarpanyň nyşanydygyny görkezýär.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde ahalteke bedewlerine bagyşlanyp guralan sergini synlady. Munuň özi dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke atlarynyň gözelligini, olaryň reňkleriniň özboluşly aýratynlyklaryny we toý-tomaşalaryň bezegi bolan bedewleriň syr-sypatyny açyp görkezýän milli gymmatlyklardyr. Bu ýerde «asman atlarynyň» gözelligini beýan edýän sungat eserleri sergä tomaşa edýänlerde ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.