Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna saparynyň dowamynda Beýik Britaniýanyň Patyşasy we Şazadasy bilen bolan duşuşyklarda Patyşa maşgalasynyň agzalaryny şu ýyl Türkmenistanda giňden belleniljek Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk toýuna hem-de behişdi bedewler bilen bagly çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Bu çakylyklar uly hormat bilen kabul edildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri saparyň barşynda Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III hem-de Edinburgyň Gersogy Şazada Edwarda we onuň maşgalasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň adyndan özüniň toý sowgatlaryny gowşurdy.