Turkmenportal logo
Düýn 22:57
22612261
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ahalteke bedewleriniň 2027-nji ýylda Beýik Britaniýada geçiriljek halkara atçylyk sport çärelerine gatnaşdyrylmagyna garaşylýar

Ahalteke bedewleriniň 2027-nji ýylda Beýik Britaniýada geçiriljek halkara atçylyk sport çärelerine gatnaşdyrylmagyna garaşylýar. Bu barada Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III türkmen halkynyň Milli Lideri bilen bolan duşuşygynyň dowamynda belledi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Patyşa Karl III türkmeniň ahalteke bedewleriniň dünýäde meşhur atlar hasaplanýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagyň «At - myrat» diýen paýhasly sözlerinde çuňňur manynyň bardygyny belledi. Şeýle hem ol geljekde iki ýurduň ahalteke atlarynyň üsti bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we berkitmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini belledi. Şonuň ýaly hem Karl III indiki ýyl Beýik Britaniýada geçiriljek halkara atçylyk sport çärelerine behişdi ahalteke türkmen bedewleriniň hem gatnaşdyrylmagyna garaşylýandygyny aýtdy.