Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Baýrammyrat Atamanow Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde geçirilen ylym-bilim çärelerine gatnaşdy.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda berilýän habara görä, rektor Hytaýyň nebit uniwersitetiniň guramagynda geçirilen «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäklerinde energetika pudagynda ýokary bilimiň ýokary hilli ösüşi» atly simpoziumyň işine gatnaşdy.
B.Atamanow simpoziumda «Türkmenistan we Hytaý: ylym we bilim ulgamyndaky strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde nebit-gaz pudagyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak» diýen temada çykyş etdi. Ol Aşgabatda golaýda geçirilen «Türkmenistan — HHR: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly» atly ýokary derejeli halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi barada gürrüň berdi. Şeýle hem rektor gatnaşyjylara Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasynyň» dabaraly açylyşy we Hytaýyň nebit uniwersiteti bilen energetika boýunça bilelikdäki türkmen-hytaý okuw merkezini döretmek baradaky ylalaşyga gol çekilendigi barada maglumat berdi.
Soňra türkmen wekiliýeti simpoziumyň çäklerinde guralan medeni festiwalyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Saparyň dowamynda türkmen ýokary okuw mekdebiniň rektory hytaýly hyzmatdaşlar bilen Hytaýda we Türkmenistanda halkara iki diplom maksatnamasyny okuw işine ornaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Hytaýyň Dil bilimi we hyzmatdaşlyk boýunça merkeziniň baş direktorynyň orunbasary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplaryna talyp haklaryny bermäge taýýardyklaryny mälim etdi.
Saparyň soňky gününde Hytaýyň Sian nebit uniwersitetiniň we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen Türkmenistandaky «Lu Ban ussahanasy» üçin goşmaça enjamlary satyn almak meseleleri boýunça iş duşuşugy geçirildi.