Turkmenportal logo
Şu gün 10:44
28132813
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Angliýanyň Kubogynyň finaly we AFK-nyň Çempionlar ligasynyň finaly: Belet hepdäniň esasy oýunlaryny görkezer

16–20-nji maý aralygynda Belet striming platformasynda Ýewropanyň öňdebaryjy ligalarynyň hem-de yklym ýaryşlarynyň futbol duşuşyklarynyň tapgyry ýaýlyma berler. Göni ýaýlymlar «Premium» abunasyna ýazylanlar üçin elýeterli bolar.

16-njy maýda, şenbe güni, Bundesligada iki wajyp duşuşyk geçiriler: «Bawariýa» öz meýdançasynda «Köln» klubyny kabul eder, «Werder» bolsa «Borussiýa Dortmund» bilen duşuşar. Iki oýun hem sagat 18:30-da başlanar. Şol gün sagat 17:00-da Angliýanyň Kubogynyň finaly geçiriler, onda «Çelsi» bilen «Mançester Siti» klublary güýç synanyşarlar. Agşam sagat 22:45-de bolsa AFK-nyň ikinji diwizionynyň Çempionlar ligasynyň finalynda «Al-Nasr» bilen «Gamba Osaka» duşuşar.

17-nji maýda, ýekşenbe güni türkmen janköýerlerine Seriýa A-nyň esasy derbileri garaşýar: «Roma» — «Lasio» we «Ýuwentus — Fiorentina» klublarynyň arasyndaky duşuşyklaryň ikisi hem sagat 15:00-da başlanar. Premýer-ligada «Mançester Ýunaýted» sagat 16:30-da «Nottingem Forest» toparyny kabul eder. La Ligada bolsa «Sewilýa» sagat 22:00-da «Real Madrid» bilen oýnar.

18-nji maýda, duşenbe güni La Liganyň oýunlary «Barselona» — «Real Betis» duşuşygy bilen açylar (00:15). Şeýle hem Liga 1-de «Pari FK» — «PSŽ» hem-de «Lion» — «Lans» oýunlary geçiriler. Iki duşuşyk hem sagat 00:00-da başlanar.

Hepdäniň jemleýji bölüminde Premýer-liganyň üç duşuşygy bolar: 19-njy maýda, sişenbe güni «Arsenal» sagat 00:00-da «Bernli» bilen duşuşar, sagat 23:30-da bolsa «Bornmut» öz meýdançasynda «Mançester Siti» toparyny kabul eder. 20-nji maýda, çarşenbe güni Londonyň derbi duşuşygy — «Çelsi» bilen «Tottenhem» klublarynyň arasyndaky oýun sagat 00:15-de başlanar.

Ähli duşuşyklar Belet platformasynda «Premium» abunasy arkaly göni ýaýlymda görkeziler.