Turkmenportal logo
Düýn 22:59
67206720
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan «Green EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşar  

2027-nji ýylyň 19-njy marty – 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Green EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagy boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, «Bagt üçin geljegiň peýzažy» şygary bilen guralýan bu halkara sergä dünýäniň 80-e golaý ýurdunyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, 2027-nji ýylda Ýaponiýada geçiriljek halkara bagbançylyk sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen bagly taýýarlanylan teklipleri goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.