Turkmenportal logo
Düýn 22:45
65656565
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň maddy-tehniki üpjünçiligi gowulandyrylar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň maddy-tehniki üpjünçiligi gowulandyrylar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer G.Agajanowyň hasabatynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, korporasiýanyň nebitgaz gözleg ekspedisiýalary tarapyndan ýurduň günbatar sebitinde ýerleşýän känleriň we meýdançalaryň birnäçesinde nebitiň we tebigy gazyň gözlegine gönükdirilen gözleg-barlag guýularynda buraw işleri netijeli dowam edýär. Şunda kärhananyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu işleri amala aşyrmakda şol ugurda işleýän daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda nebitiň we tebigy gazyň gorlaryny ýüze çykarmak, gözleg-barlag guýularynyň buraw işlerini döwrebap ýerine ýetirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýdyp, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň maddy-tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.