«EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisine bir ýyldan az wagt galdy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň bu abraýly foruma gatnaşmagy bilen bagly taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Bu barada «Biznes reklama» gazeti habar berýär.
Mälim bolşy ýaly, «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisi 2027-nji ýylyň 15-nji maýy — 15-nji awgusty aralygynda Serbiýanyň Belgrad şäherinde geçiriler. Serginiň umumy meýdany 25 müň gektara barabar bolup, oňa 120-den gowrak ýurduň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşarlar. Deslapky hasaplamalara görä, sergä 4 milliondan gowrak adamyň baryp görmegine garaşylýar.
Türkmenistan hem bu abraýly forumda özüniň Milli pawilýony bilen gatnaşar. Häzirki wagtda ýurduň Milli pawilýonyny ýokary derejede gurmak bilen baglanyşykly işler Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guramaçylykly alnyp barylýar. «Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin» («Play for Humanity: Sports and Music for All») atly umumy şygar astynda geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli pawilýony «Türkmenistan — parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany» («Turkmenistan – Melody of Peace, Home of Health») atly tema boýunça gurlar. Aýratyn bellenilmeli zatlaryň biri, serginiň ilkinji günlerinde, has takygy, 2027-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Milli gününi geçirmek göz öňünde tutulýar. Dünýäniň iň abraýly gözden geçirilişinde Türkmenistanyň ilkinjileriň hatarynda özüniň Milli gününi geçirmegi ýurduň ýokary halkara abraýynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüler. Ýeri gelende bellesek, Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilen «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde hem Türkmenistan ilkinjilerden bolup, Milli gününi gurapdy.
«EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisine taýýarlyk görmek bilen bagly geçirilýän mejlislere hem türkmen wekiliýeti yzygiderli gatnaşýar. Hususan-da, 2025-nji ýylyň 9 — 12-nji iýuny, 2026-njy ýylyň 10 — 12-nji marty aralygynda sergä gatnaşyjy halkara wekiliýetleriň birinji we ikinji mejlislerine Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.
Jemläp aýtsak, «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagy bilen bagly işler utgaşykly görnüşde, ýokary derejede alnyp barylýar. Ýurduň bu abraýly sergä üstünlikli gatnaşmagy Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraý-mertebesini has-da ýokarlandyrar.