Turkmenportal logo
Şu gün 16:39
50775077
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bilim ulgamyndaky türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

14-nji maýda Ýaponiýada saparda bolýan Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şyhlyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýanyň bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýa ministriniň uly orunbasary Ýano Kazuhiko bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda Talyp haklary mümkinçilikleri giňeltmek, türkmen talyplarynyň Ýaponiýanyň MEXT (Monbukagakusho) maksatnamasyna gatnaşygyny artdyrmak, Türkmenistan üçin aýratyn kwota ýa-da ýurt boýunça orunlary döretmek, STEM, inženerçilik, emeli aň we daşky gurşaw boýunça bilim ugurlaryny ösdürmek, Ýapon gaznasy we beýleki guramalar arkaly mugallymlary ibermek, Aşgabatdaky ýokary okuw mekdeplerinde ýapon dili merkezlerini döretmek, okuw kitaplary, sanly serişdeler bilen üpjün etmek we ýerli mugallymlar üçin taýýarlyk maksatnamalaryny guramak, ýapon tehniki bilim modellerini (KOSEN görnüşli kollejler) ornaşdyrmak, «akylly» synp tehnologiýalary, robototehnika we ýaşyl tehnologiýalar boýunça bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu gün Ýaponiýanyň «SPRIX Inc.»  guramasynyň Halkara müdürliginiň başlygy Shinya Sayu  bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly bilim we baha beriş hyzmatlaryny hem-de okuw maksatnamasyny işläp düzmek, Türkmenistanyň bilim ulgamynda TOFAS kämilleşdiriş synagyny girizmek, alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmak we emeli aň (EA) ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada ara alnyp maslahatlaşyldy.