14-nji maýda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Ž.Balasagyn Gyrgyz Milli Uniwersitetinde «Türkmenistan: Dil, Edebiýat, Taryh we Medeniýet» atly halkara maslahat geçirildi.
Çärä Ž.Balasagyn adyndaky Gyrgyz Milli Uniwersitetiniň professorlary, mugallymlary we talyplary gatşadylar. Şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri widearagatnaşyk arkaly gatnaşdylar diýlip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.
Maslahata gatnaşyjylar 2026-njy ýylyň şygarynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Olar bu şygaryň ýurduň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny — Bitaraplygy, parahatçylygy we milli jebisligi özünde jemleýändigini bellediler.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri türkmen dili, medeniýeti we milli däp-dessurlary barada manyly çykyşlar etdiler. Maslahatyň dowamynda ýurduň syýasy, ykdysady, medeni we durmuş ugurlarynda gazanan üstünliklerine, şeýle hem türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyna aýratyn üns berildi diýlip, habarda bellenilýär.