Belgiýada hökümetiň pensiýa ýaşyny 67 ýaşa çenli ýokarlandyrmak meýilnamasyna garşy köpçülikleýin närazylyk bildirildi. «Euronews» ýaýlymynyň habar bermegine görä, müňlerçe adam Brýusseliň köçelerine çykyp, üstünde gyzyl tegelek bilen çyzylyp goýlan «67» belgili ýol nyşanlaryna meňzeş şygarlary göterdiler. Bu nyşanlar pensiýa özgertmesine garşylygy alamatlandyrýar.
Premýer-ministr Bart De Weweriň hökümeti 2030-njy ýyla çenli pensiýa ýaşyny 67 ýaşa ýetirmegi, şeýle hem pensiýa çykmak üçin zerur bolan iş ýyllarynyň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär. Pensiýa gullugynyň bahalandyrmagyna görä, bu üýtgeşme işgärleriň aýlyk pensiýasynyň ortaça 318 ýewro azalmagyna getirip biler.
Närazylyk bildirmelere gatnaşyjylar bu özgertme geçirmek bilen ylalaşmaýandyklaryny aýdyp, onuň, ilkinji nobatda, fiziki zähmetiň işgärlerine we ýaş nesle täsir ýetirjekdigini nygtadylar. Döwlet çykdajylaryny azaltmak baradaky meýilnama garşy ýurduň esasy kärdeşler arkalaşyklary iş taşlaýyş hereketine ýolbaşçylyk edýär.
Närazylyk bildirmeler ulag ulgamyndaky we döwlet edaralaryndaky iş taşlaýyşlar bilen utgaşdy. Brýusselde demir ýol gatnawy we howa menziliniň işi bölekleýin togtadyldy.