Türkmenistan Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynda (ICESCO) synçy derejesine eýe boldy. Degişli çözgüt ICESCO-nyň Baş maslahatynyň 15-nji mejlisinde kabul edildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan şäheriniň «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «KazanForum 2026-nyň» çäginde geçirilen foruma gatnaşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde çykyş edip, 2026-njy ýylyň martynda Türkmenistanyň ICESCO-da ýurda synçy derejesini bermek baradaky resmi haty iberendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň bu möhüm halkara düzümiň işine goşulmaga Türkmenistanyň bilim, ylym, medeniýet ulgamlaryndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýetli tapgyr hökmünde garaýandygy bellenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Hususan-da, yslam ýurtlarynyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça ICESCO-nyň uzak möhletleýin Strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmek, «Yslam şygryýet dialogy: paýhas we asyrlaryň baglanyşygy» atly giň gerimli maksatnamany durmuşa geçirmek we «akylly» şäherler diplomatiýasy arkaly yslam ýurtlarynyň arasynda ösüşiň bu geljegi uly ugrunda tejribeleri, bilimleri we meýilnamalary alyşmagyň hyzmatdaşlyk hem-de hünär gurallaryny ýola goýmak teklip edildi.
ISESCO-nyň başlygy Salim Al-Malik öz çykyşynda 2028-nji ýylda Aşgabadyň «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi baradaky meselä seredilýändigini belledi.