14-nji maýda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda «Himiýa we himiýa tehnologiýalary: ýetilen sepgitler we geljegi nazarlaýan ösüşler» atly utgaşykly görnüşdäki halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.
Himiýa senagaty pudagyny ösdürmek boýunça soňky döwürde amala aşyrylan ylmy barlaglary ara alyp maslahatlaşmak üçin ähmiýetli meýdança bolan maslahata türkmen alymlary we professor-mugallymlary bilen birlikde, sanly ulgam arkaly Gazagystandan, Hytaýdan, Şweýsariýadan, Russiýadan, Ýaponiýadan, Özbegistandan hem wekiller gatnaşdylar. Onda himiýa senagatyny ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryna, täze ylmy açyşlara, innowasion usullara garaldy.
Maslahatyň umumy mejlisinde edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan täze önümçilikleri döretmek üçin zerur bolan çig malyň dürli görnüşlerine, baý gorlaryna eýedir. Şunda, hususan-da, himiýa, gazhimiýa, gurluşyk senagatynyň hem-de beýleki pudaklaryň çig mal binýadyny emele getirýän ägirt uly uglewodorod ýataklaryny özleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Geçen döwürde pudaga gönükdirilen ägirt uly maýa goýumlar esasynda iri gazhimiýa toplumlary döredildi. Ozaldan hereket edýän kärhanalary toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmakda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Umumy mejlis tamamlanandan soňra, halkara ylmy maslahat «Himiýa we himiýa tehnologiýalary boýunça ýetilen sepgitler», «Gidromineral çig mallary toplumlaýyn işlemegiň häzirki zaman tehnologiýalary», «Gidrohimiýa we ekologiýa» atly bölümçelerde öz işini dowam etdi. Olarda himiýa senagatynyň dürli ugurlarynda alymlaryň we hünärmenleriň alyp barýan ylmy gözlegleri barada netijeli pikir alyşmalar boldy diýlip, habarda bellenilýär.