«Russiýa – Yslam dünýäsi KazanForum» XVI Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde «Ojar Aziýa» türkmen kompaniýasy Russiýa bilen Yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara serginiň milli pawilýonynda öz diwarlygyny gurady. Kompaniýanyň gurluşyk ugurly mümkinçilikleriniň we amala aşyrylýan taslamalarynyň tanyşdyrylmagy işewür toparlarda, maýadarlarda hem-de forumyň gatnaşyjylarynda uly gyzyklanma döretdi.
Türkmenistanyň gurluşyk bazarynda öňdebaryjy kompaniýalaryň biri hökmünde «Ojar Aziýa» öz esasy infrastruktura taslamasy bolan «Sarahs–Mary–Serhetabat» ýokary tizlikli awtomobil ýoluny aýratyn nygtady. Bu magistral diňe bir içerki ulag desgasyny däl-de, eýsem sebit ähmiýetli «Lapis Lazuli» multimodal üstaşyr ulag geçelgesiniň strategik taýdan möhüm bölegini hem özünde jemleýär.

Taslamanyň halkara ähmiýeti onuň «Lapis Lazuli» geçelgesine goşulmagy bilen kesgitlenýär. Bu giň gerimli ulag başlangyjy 2017-nji ýylda bäş döwlet — Türkmenistan, Owganystan, Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe tarapyndan işe girizildi. Bu üstaşyr geçelge ykdysady integrasiýanyň çaltlandyrylmagyna, logistika arabaglanyşyklarynyň ösdürilmegine hem-de gatnaşyjy ýurtlara maýa goýumlarynyň çekilmegine ýardam berýär. Şeýle-de bu ýurtlaryň aglabasy Yslam dünýäsine degişli döwletlerdir.
Ekspozisiýa diňe ulag infrastrukturasynyň tanyşdyrylmagy bilen çäklenmedi. Diwarlygyň myhmanlary «Ojar Aziýa» holdinginiň düzümindäki beýleki gurluşlaryň işi bilen hem tanyşdylar. Olaryň arasynda Garagum Transit logistika kompaniýasy, TMT Consulting Group konsalting bölümi, «Türkmen hukukçylar topary» hukuk firmasy hem-de Amatly çözgüt IT işläp düzüjisi bar. Giň gerimli tanyşdyrylyş holdingiň gurluşyk, ulag-logistika, maslahat hyzmatlary, hukuk üpjünçiligi we maglumat tehnologiýalary ýaly ugurlary öz içine alýan köpugurly iş alyp barýandygyny görkezdi.