Türkmenistan 2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Özbegistana syýahat etmäge baran raýatlarynyň sany boýunça ilkinji onlukdan orun aldy. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi.
Hasabat döwründe 108,4 müň türkmenistanly goňşy ýurda syýahat edip, Türkmenistan bu ugurda ýedinji orny eýeläpdir. Şu ýylyň 4 aýynda Özbegistana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça öňdäki bäşlikde Gyrgyzystanyň (1 million 141,5 müň), Täjigistanyň (965,4 müň), Gazagystanyň (935 müň), Russiýanyň (341,8 müň) hem-de Owganystanyň (161,5 müň) ady bar. Altynjy orny bolsa Hytaý (132,2 müň) eýeläpdir.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Özbegistan 4,04 million sany daşary ýurtly syýahatçymy kabul edipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 29,9 göterim köpdür.