Turkmenportal logo
Şu gün 14:08
39233923
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanda ýeňiji bolan türkmen çapyksuwarlaryna kuboklary gowşurdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi.

Sport toplumynda Gahryman Arkadagy RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, oba hojalyk we azyk ministri, Atçylyk we atçylyk sporty federasiýasynyň başlygy Marat Zýabbarow hem-de Kazan halkara atçylyk sport toplumynyň direktory mähirli garşyladylar. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow sport toplumynyň çäginde Tatarystanyň oba hojalyk önümlerine bagyşlanan sergini synladylar.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Rustam Minnihanow soňra at çapyşyklaryna tomaşa etdiler. Oňa türkmen çapyksuwarlary hem gatnaşdylar.

Şeýlelikde, Kazan halkara atçylyk sport toplumynda geçirilen ilkinji at çapyşygynda Türkmenistanyň ussat çapyksuwary B.Agamyradow ynamly ýeňiş gazandy. Bu günki geçirilen at çapyşyklarynda türkmen çapyksuwarlary tatar atlarynda ýaryşa gatnaşdylar. Örän çekeleşikli we gyzgalaňly geçen at çapyşygyndaky baýraklar ahalteke atlarynyň hormatyna goýuldy. Olary almak bolsa türkmen türgenlerine nesip etdi.

1 müň 800 metr aralyga geçirilen ýene bir çapyşykda Türkmenistanyň çapyksuwarlary ezberliklerini görkezdiler. Bu çapyşykda B.Berdimuhammedow pellehana birinji bolup gelmegi başardy.

Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Gahryman Arkadag ýeňiji bolan ussat türkmen çapyksuwarlaryna kuboklary gowşuryp, olary gazanan ýeňşi bilen gutlady.

Türkmenistanly çapyksuwarlar milli atşynaslygy ösdürmäge we öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadaga hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurduň abraýyny mundan beýläk-de belende galdyrmakda ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany çapyksuwarlaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdüler.