Turkmenportal logo
Şu gün 14:03
26232623
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gyrgyz telekeçileri Türkmenistanyň biržasyndan pagta ýüplügini satyn aldylar

Penşenbe güni birža söwdalarynda daşarky bazarda Gyrgyz Respublikasynyň işewürleri ýerli işewürlerden nah ýüplügi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, uçerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» döwlet konserninden «SN-600» kysymly başlangyç ýagyny, Dokma senagaty ministrliginden nah matany satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 8 million 510 müň manada we 1 million 516 müň ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.