Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dileri bolan Garagum Ulag hojalyk jemgyýeti ulag serişdelerini gönüden-göni ätiýaçlandyrmak hyzmatyny ýola goýdy. Resmi Kepil kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşyk müşderilere awtoulag satyn alan wagtynda, goşmaça guramalara ýüz tutmazdan, ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny resmileşdirmäge mümkinçilik berýär.
Ýyllyk ätiýaçlandyryş tölegi 750 manat bolup, ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykan halatynda iň ýokary töleg 15 müň manada ýetýär. Täze hyzmat alyjylar üçin resminamalary taýýarlamak işini ýeňilleşdirmäge we toplumlaýyn hyzmat ulgamyny döretmäge gönükdirilendir.
Ätiýaçlandyryşdan başga-da, diler merkezi tehniki goldawyň doly toplumyny üpjün edýär: öndürijiniň standartlaryna laýyk hyzmat ediş, döwrebap enjamlar arkaly anyklaýyş işleri, şeýle hem Toyota üçin niýetlenen hakyky şaýlaryň üpjünçiligi.
Garagum Ulag kompaniýasynyň bu başlangyjy «bir penjire» ýörelgesine laýyk gelýär. Bu ulgam arkaly awtoulagyň eýesi ulagy satyn almakdan başlap, onuň meýilleşdirilen tehniki hyzmatyna çenli ähli zerur hyzmatlary bir ýerde alyp bilýär.