Turkmenportal logo
Şu gün 09:44
25352535
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda media sowatlylygy boýunça okuw maslahaty geçirildi

12-13-nji maýda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde maglumatlary seljermek, ýalan maglumatlardan goranmak we sanly gurşawda jogapkärli mazmun döretmek endiklerini kemala getirmäge gönükdirilen okuw geçirildi. Okuwa ýurduň welaýat neşirleriniň işgärleri, şeýle hem onlaýn-portallaryň we telewideniýäniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Okuw maksatnamasy halkara bilermen Adil Jalilowyň («MediaNet» halkara žurnalistika merkezi, Gazagystan) goldawy bilen milli tälimçiler tarapyndan amala aşyryldy. Bilelikdäki tagallalar netijesinde maglumatlary barlamak (faktçeking), döwrebap medianyň iş gurallary, neýroulgamlaryň kömegi bilen döredijilikli mazmun taýýarlamak, sanly howpsuzlyk we ÝUNESKO-nyň etiki ýörelgelerini öz içine alýan netijeli okuw meýilnamasy düzüldi.

ÝHHG-niň merkezi Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň erkinligi we media sowatlylygy bilen bagly düzgünleriniň durmuşa geçirilmegine ulgamlaýyn esasda ýardam berýär.

Häzirki wagta çenli dürli diňleýjiler köpçüligine tälim bermek wezipesi ýüklenen 20 sany milli tälimçiden ybarat topar taýýarlanyldy. Geçirilen çäre bu hünärmenler tarapyndan guralýan okuw maslahatlarynyň nobatdakysy boldy. Mundan ozal guralan şeýle okuwlar žurnalistleri, döwlet gullukçylaryny, blogerleri we talyplary goşmak bilen, ýüzden gowrak adamy öz içine alypdy.