Turkmenportal logo
Şu gün 09:43
39783978
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekiliýeti Ugandanyň Prezidentiniň wezipesine resmi taýdan girişmegi mynasybetli geçirilen dabara gatnaşdy

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 10–15-nji maý aralygynda Kampala şäherine sapar edip, Uganda Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti Ýoweri Kaguta Museweniniň wezipesine resmi taýdan girişmeginiň dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, çäre Ugandanyň paýtagtynyň Kololo dabaralar meýdançasynda geçirildi.

Çäre tamamlanandan soň Ýoweri Kaguta Museweni türkmen wekiliýetini Entebbe şäherindäki prezident köşgünde kabul etdi. Ugandanyň täzeden saýlanan Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipesine resmi taýdan girişmeginiň dabarasyna gatnaşmak üçin iberen çakylygy üçin minnetdarlyk haty gowşuryldy. Şeýle hem hatda Ugandanyň dostlukly halkyna iň gowy arzuwlar beýan edilýär.

Ýoweri Kaguta Museweni öz adyndan hem-de Ugandanyň dostlukly halkynyň adyndan Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirdi.

Türkmen wekiliýetiniň saparynyň dowamynda Ata Serdarow Ugandanyň häkimiýet başyndaky partiýasynyň baş sekretary Riçard Todwong hem-de Daşary işler ministrliginiň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.