Turkmenportal logo
Şu gün 09:41
23812381
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Döwlet gümrük gullugynyň sorag-jogap hyzmaty raýatlara dürli gümrük hyzmatlaryny hödürleýär

2026-njy ýylyň fewral aýynda işe girizilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň sorag-jogap hyzmaty gysga wagtyň içinde gümrük ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrýan möhüm gurala öwrüldi. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, ýüz tutmalaryň aglabasy, harytlary gümrük taýdan resmileşdirmek we eksport-import amallary bilen baglanyşykly, şeýle hem Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki gümrük nokatlarynda ýüze çykýan soraglardan ybarat boldy.

Sorag-jogap hyzmatynyň işe girizilmegi Döwlet gümrük gullugy bilen raýatlaryň we işewürleriň arasynda açyk aragatnaşygy ýola goýmakda uly ähmiýete eýe boldy. Zerur maglumatlaryň öňünden we dürs alynmagy serhetden geçiş we gümrük taýdan resmileşdiriş işlerini ep-esli ýeňilleşdirdi.

Hyzmat arkaly fewral — aprel aýlarynda 201 ýüz tutma kabul edildi.

Bu sorag-jogap hyzmaty tölegsiz amala aşyrylýar.

Sorag-jogap hyzmatynyň iş wagty:

hepdäniň ýekşenbeden başga her güni, sagat 09:00-dan 17:00-a çenli

Sorag-jogap alyşmak üçin telefon belgisi: 39-41-39.