Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde «Zenanlara maýa goýum – durnukly ösüşiň esasy: zenanlaryň ykdysady, durmuş, syýasy we ekologiýa babatda hukuklaryny we mümkinçiliklerini berkitmek» ady bilen geçirilen Zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.
Forumyň maksady sebitde zenanlaryň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, olaryň ykdysadyýetde gatnaşygyny has-da giňeltmek boýunça tejribe alyşmak, şeýle hem häzirki zaman döwlet dolandyryşynda we jemgyýetçilik durmuşynda zenanlaryň ornuny pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, bu halkara çäräniň ýokary derejede guralandygy üçin Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatyna we Hökümetine, BMG-niň Ilat gaznasyna hem-de «BMG-Zenanlar» düzümine sagbolsunlaryny beýan etdi. Şeýle hem Türkmenistanda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny ýokarlandyrmaga, olaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge aýratyn üns berilýändigi barada belledi.
Bu babatda alyp barýan syýasaty zenanlaryň ýokary durmuş, ykdysady we zähmet işjeňligini şertlendirýär. Şonuň üçin hem türkmenistanly zenanlar bu gün özleriniň ukyp-başarnyklaryna we hünär taýdan taýýarlygyna laýyklykda, döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji, kazyýet şahalarynda, şeýle hem ýurduň hojalyk toplumy çygrynda giň wekilçilik etmek bilen, jemgyýetiň we döwletiň işlerinde möhüm orny eýeläp, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine mynasyp goşant goşýarlar.
Çykyşlarda Zenanlaryň ikinji Aziýa forumynyň sebitiň zenanlarynyň mümkinçiliklerini giňeltmek we häzirki zaman jemgyýetinde olaryň ornuny pugtalandyrmak meseleleri boýunça tejribe alyşmak, döwrüň çagyryşlaryny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm ähmiýetli meýdança bolup durýandygy bellenildi.
Şeýle hem milli Parlamentiň Başlygy Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda durnukly ösüşi üpjün etmekde oňyn tejribeleri paýlaşmaga we öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen Halkara zenanlar dialogyny, demografiýa bilen baglanyşykly halkara maslahaty, şeýle-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisiniň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny nygtap, Foruma gatnaşyjylary bu halkara we parlamentara çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.
Soňra Zenanlaryň ikinji Aziýa forumynyň işi bölümlerde dowam etdirildi.