Turkmenportal logo
Şu gün 18:21
51915191
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen türgenleri Antalýada geçirilýän jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda 16 medal gazandylar

Türkmenistanyň ýygyndy topary Türkiýäniň Kemer şäherinde (Antalýa) geçirilýän galtaşykly (kontaktly) jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda (JJIF Combat Dünya Jujitsu Şampiyonası) 16 medal gazandy. Türkmen toparynyň hasabynda – 6 altyn, 4 kümüş we 6 bürünç medal bar. Turnir 17-nji maýda tamamlanar.

Altyn medala mynasyp bolan türkmen türgenleri: Zyba Orunowa (63 kg çenli), Hakberdi Jumaýew (62 kg çenli), Begli Saparow (69 kg çenli), Isa Arslanow (77 kg çenli), Rahmet Taganow (69 kg çenli) we Rahat Gurbanow (85 kg çenli).

Kümüş medalyň eýeleri: Aminat Guwanjowa (45 kg çenli), Hurma Abdyýewa (48 kg çenli), Gurbanaý Gurbanowa (52 kg çenli) we Suraý Gökgäýewa (57 kg çenli).

Bürünç medal bilen sylaglananlar: Aýnur Kuliýewa (45 kg çenli), Öwezgeldi Hudaýberdiýew (56 kg çenli), Parahat Rahmanow (62 kg çenli), Islam Hemraýew (77 kg çenli), Agasapar Muhadow (85 kg çenli) we Welimyrat Nepesow (85 kg çenli).

Türkmenistanyň ýygyndy toparyna Jelilmuhammet Hojamyradow we Kemal Meredow tälim berýärler. Wekiliýetiň ýolbaşçysy Ilýas İşangulyýew.

Galtaşykly (kontaktly) jiu-jitsu boýunça dünýä çempionaty Türkiýede ilkinji gezek geçirilýär. Ýaryşa 25 ýurtdan 350-ä golaý türgen gatnaşýar. Turnir Halkara jiu-jitsu federasiýasynyň (JJIF) howandarlygynda geçirilýär.