Toyota Motor Ýaponiýanyň bazary üçin Corolla sedanynyň hem-de Corolla Touring uniwersalynyň Active Sport atly ýörite görnüşleri bilen tanyşdyrdy. Bu ýörite görnüşler modeliň ilkinji nesliniň öndürilip başlanmagyna 60 ýyl dolmagy mynasybetli taýýarlandy. Ýubileý resmi taýdan 20-nji oktýabrda belleniler — diýip, drom.ru habar berýär.

Active Sport görnüşi bamperlerde we gapdal bosagalarda aerodinamiki örtükler, güýçlendirilen gapdal goldawy bolan sport görnüşli öňdäki oturgyçlar, emeli deri bilen bezelen öň paneli, alýumin pedal örtükleri hem-de ýörite halyçalar bilen tapawutlanýar. Şeýle-de interýerde Corolla modeliniň 60 ýyllygyna bagyşlanan ýörite nyşanlar ýerleşdirilipdir. Awtoulag gara reňkli köp şöhleli ýeňil garyndy disklerde ýerleşdirilen 215/45 R17 ölçegli tekerler bilen üpjün edilýär.
Esasy görnüşden ýeke-täk tehniki tapawut — bu öň çekişli görnüşler üçin niýetlenen has berk sazlanan asma ulgamydyr. Doly çekişli Active Sport görnüşi bolsa adaty asma ulgamyny saklaýar.
Ýaponiýanyň bazarynda Toyota Corolla we Toyota Corolla Touring häzirki wagtda diňe gibrid görnüşde hödürlenýär. Olar 1,8 litrlik 2ZR-FXE benzin hereketlendirijisini, wariatory we elektrik hereketlendirijisini öz içine alýan ugurdaş gibrid ulgamy bilen enjamlaşdyrylyp, umumy kuwwaty 140 at güýjüne deňdir. Alyjylara öňki ýa-da doly çekiş görnüşi elýeterlidir. Doly çekişli görnüş E-Four ulgamy bilen üpjün edilýär. Bu ulgam yzky okda aýratyn elektrik hereketlendirijisini ulanýar we ulag ýerinden hereket edip başlanda ýa-da pes tizlikde ýol bilen galtaşma peselende işjeňleşýär.
Toyota Corolla Türkmenistanda hem uly islegden peýdalanýar we ýurtda iň köp talap edilýän modelleriň biri hasaplanýar. Bu awtoulag jemgyýetçilik taksisi hökmünde giňden ulanylýar we türkmen şäherlerinde ussat sürüjileriň arasynda meşhur saýlaw bolmagynda galýar.