Turkmenportal logo
Şu gün 14:54
71127112
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Berlinde çagalar üçin meýdançada guýma altyn tapyldy
Surat: ria.ru

Germaniýanyň paýtagtyndaky çagalar üçin oýun meýdançasynda hakyky hazyna tapdylar: kümüş teňňeler, altyn şaý-sepler, gymmatbaha sagatlar we hakyky guýma altyn diýip, «Kronen Zeitung» gazeti habar berdi.

Şäheriň polisiýasynyň maglumatlaryna görä, ilki çagalar bagynda terbiýelenýän çaga gyrymsylykdan kümüş şaýylyklary tapypdyr. Soňra terbiýeçisi hem-de kakasy pullary ýygnamaga başlaýar. Şol ýerde olar beýleki gymmatly zatlary-da, hatda nagt 6 müň ýewro tapypdyrlar.

Polisiýa tapyndylaryň ogurlykdygyny ýa däldigini öwrenýär. Emma häzire çenli gymmat zatlary ýitirendigi barada polisiýa hiç ýüz tutmady diýlip, habarda bellenýär.