Awstraliýanyň kazyýeti «Fortescue» dag-magdan kompaniýasyna aborigenlere, ýagny düýp ýaşaýjylara 100 million dollar tölemek hakynda höküm çykardy, munuň sebäbi kompaniýa aborigenler bilen peýdaly magdanlary gazyp almak barada ylalaşmandyr. Bu hakynda ýerli «ABC» teleýaýlymy habar berdi.
«Federal kazyýet işewür Endrýu Forrestiň «Fortescue» kompaniýasyna ylalaşmazdan peýdaly magdanlary gazyp alandygy sebäpli, Günbatar Awstraliýa ştatyndaky asyl oturymly injibarndi halkyna 150,1 million awstraliýa dollary möçberinde (108,4 million amerikan dollary töweregi) öweztölegini tölemek barada höküm çykardy» diýip, teleýaýlym gürrüň berdi.
«ABC» teleýaýlymy taýpanyň serdarlarynyň kazyýetiň höküminden nägilediklerini, sebäbi olaryň agzalan öweztölegi kompaniýanyň gazyp alan peýdaly magdanlaryndan gazanan onlarça milliardlyk girdejileri bilen deňeşdirilende, «deňizden damja» hasaplaýarlar. Şonuň üçin aborigenler takmynan 1,3 milliard dollarlyk öweztölegine bil baglapdyrlar. Emma muňa garamazdan, kazyýetiň çykaran çözgüdiniň Awstraliýanyň taryhynda ýurduň asyl halkyna tölenen iň ýokary tölegidigi habarda bellenýär.