Turkmenportal logo
Şu gün 14:41
88238823
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurbanguly Berdimuhamedow ISESKO-nyň işine ýokary baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «KazanForumyň» çäklerinde Kazanyň ratuşasynda geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň maslahatynda çykyş etdi. Bu barada Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň Metbugat gullugy habar berdi.

Çärede çykyş eden türkmen halkynyň Milli Lideri ählumumy özgerişler şertlerinde medeni dürlüligi saklamagyň möhümdigini nygtady we durmuş ulgamynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmekde halkara guramalarynyň eýeleýän möhüm ornuny belledi.

«Türkmenistan yslamyň beýik siwilizasion binýadyny, onuň ynsanperwer gymmatlyklaryny gorap saklamakda we baýlaşdyrmakda, ylym, bilim we medeniýet ulgamyndaky gazanylanlary goldamakda hem-de ilerletmekde giň we netijeli hyzmatdaşlyga ýardam bermäge gönükdirilen abraýly halkara guramasy hökmünde ISESKO-nyň (Yslam dünýäsiniň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy – red.) işine ýokary baha berýär» diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny 2026-njy ýylda Kazanyň yslam dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi bilen gutlady.