Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň Garamyş geňeşliginiň Bozaryk obasynda iki gatly 600 orunlyk täze mekdebiň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan bu mekdebiň gurluşyk işlerini welaýat häkimliginiň Düýpli gurluşyk dolandyrmasynyň buýurmasy esasynda alnyp barylýar. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.
Gurluşyk meýdançasynda işleriň sazlaşykly ýola goýulmagynyň netijesinde häzirki wagtda bu ýerde binanyň birinji we ikinji gatlarynda suw ulgamlaryny, elektrik geçirijileri çekmek, içki diwarlary suwamak, beton guýmak işleri ýokary hilli ýerine ýetirilýär.
Binada ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ýörite suw howdany hem gurulýar we şu günler onuň içine galyp tutmak hem-de beton guýmak işleri alnyp barylýar.