Turkmenportal logo
Şu gün 12:38
70487048
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň zenanlaryň Dialogynyň forumynyň bölümine gatnaşdy 

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenanlaryň Dialogynyň «Ylymda zenanlaryň ýolbaşçylygy: häzirki zaman meseleleri, innowasion çözgütler we ylmy hyzmatdaşlyk» atly alym zenanlaryň forumynyň dowamynda «Ylym we innowasiýalar arkaly sebitleýin ösüş: mümkinçilikler we geljekki öňegidişlikler» atly tema boýunça bölümde dowam etdi. Onuň işi ylym we innowasiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, zenanlaryň ylmy işjeňlige gatnaşygyny giňeltmäge, şeýle hem ylmy ösüşiň ileri tutulýan ugurlary boýunça anyk çemeleşmeleri we çözgütleri işläp düzmekde tejribe alyşmaga gönükdirildi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili öz çykyşynda zenanlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, ýurtda türkmen zenanlarynyň ylmy işleri netijeli alyp barmaklary, sanly ulgam arkaly halkara ylmy jemgyýetçilik bilen tejribe alyşmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň şertleriň döredilýändigini belledi.

Şeýle hem Türkmenistanda zenanlaryň ylmy barlaglary geçirmek boýunça döredilýän mümkinçilikler we bu ugurda alnyp barylýan maksatnamalaýyn özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada nygtaldy.

Çykyşlarda häzirki zaman jemgyýetiniň durnukly ösüşinde, ylymda, bilimde zenanlaryň tutýan ornunyň ýokarlanýandygy, olaryň innowasion tehnologiýalary işläp düzmekde, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde we düýpli ylmy barlaglary geçirmekde gazanýan ýokary netijeleriniň ähmiýeti bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.