Hindistanda ýyllyk 130 milliard dollar dolanyşygy bolan toý senagaty häzir agyr döwri başdan geçirýär diýip, «The Times of India» gazetine salgylanýan «rg.ru» habar berýär.
Ýagny Ýakyn Gündogardaky ýagdaý hindi ýaşlarynyň nika toýlary üçin çykdajylaryň daşary ýurtlarda 20-25 göterim, ýurduň içinde 10-15 göterim artmagyna getirdi. Hindi jemgyýetiniň durmuşynda wajyp wakalaryň biri bolan toý dabaralarynyň ummasyz býujeti toý eýelerini çykdajylary kemeltmäge, myhmanlaryň sanawyny gysgaltmaga, kaşaňlyklardan gaçmaga hem-de toýlary has arzan düşjek ýerlere göçürmäge mejbur edýär. Indi baý hindiler öz toýlaryny öň ýörgünli bolan BAE, Türkiýe we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryndan ýurduň çägindäki Rajastan, Goa, Kerala ýaly syýahatçylyk ştatlara hem-de Gimalaýlaryň etegindäki şypahana şäherlere geçirýärler.
Adaty hindi maşgalasy nika toýy üçin 15 müň amerikan dollaryny harçlaýar, bu ýurtda hojalyklaryň 3200 dollar töweregi bolan ortaça ýyllyk girdejisinden birnäçe esse köpdür. Toýy mynasyp geçirmek üçin ýaşlar, köplenç, ýerli banklardan 1-den 5 ýyla çenli möhlet bilen ýyllyk 10-13 göterim tölegi bolan «toý karzlaryny» («Marriage Loan») alýarlar. Toýy şeýle maliýeleşdirmäge nikalaşýan hindileriň 30 göterimi banklara ýüz urýar.
Statistika görä, her ýyl Hindistanda toý dabaralarynyň 8-10 milliony geçirilýär. Bu görkeziji babatda Respublika dünýäde öňdeligi eýeleýär.