Turkmenportal logo
Şu gün 11:31
64196419
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
HHR-iň Başlygy Täjigistanyň Prezidenti bilen gepleşikleri geçirdi
Surat: rg.ru

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy ýurda döwlet sapary bilen gelen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmony mähirli mübärekledi. Si Szinpiniň çakylygy boýunça 11-nji maýda Hytaýa baran täjik lideriniň döwlet sapary şu gün — 14-nji maýda tamamlanýar.

Iki ýurduň liderleri gepleşikleriň barşynda «ýaşyl» energetika, «akylly» şäherler, emeli aň we terrorizme hem-de separatizme garşy göreşmekde bilelikdäki işi ara alyp maslahatlaşdylar. Hytaýyň lideri sebit durnuklylygyny goldamakda bilelikde hereket etmegiň möhümdigini nygtady.

Täjik lideri öz nobatynda iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda ösýändigini aýtdy. Oba hojalyk ulgamynda taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, medeni alyşmalar iki ýurduň halklarynyň bähbidine laýyk gelýär.

2025-nji ýylyň ýanwaryndan oktýabry aralygynda iki ýurduň özara söwdasynyň möçberi ýyllyk hasabatlylykda 8 göterim artyp, 3,5 milliard dollardan geçdi. Täjigistan we Hytaý bilim, medeniýet ulgamlarynda hem ýygjam gatnaşyklary goldaýarlar diýip, «Sinhua» agentligi habar berdi.