Turkmenportal logo
Şu gün 11:29
94099409
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze kiçi elektrik bekedi gurulýar

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze kiçi elektrik bekediniň gurluşygyna badalga berildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, häzirki wagtda bu ýerde kuwwatly enjamlar we dolandyryş ulgamy ýerleşdiriljek ýörite desganyň binýady gurulýar.

Gurlup başlanan desga Daşoguz şäherindäki döwlet elektrik stansiýasyndan alynýan elektrik energiýasyny kabul etmek we ony öwürmek, şeýle hem Köneürgenç etrabynyň senagat we jemgyýetçilik hojalygynyň sarp edijilerine, dürli ykdysady desgalaryna bölekleýin elektrik üpjünçiligini amala aşyrmak üçin niýetlenendir.

Täze kiçi elektrik bekedi «Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginiň buýurmasy boýunça gurulýar. Taslama taýýarlanylanda etrabyň energetika infrastrukturasynyň geljekki ösüş mümkinçilikleri göz öňünde tutuldy.

Desga ulanyşa berlenden soň, ol könelen «Nowça» elektrik desgasynyň ornuny tutar — diýip, çeşmede habar berilýär.