Aşgabat şäherinde geçirilýän «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisiniň işjeň gatnaşyjylarynyň biri hökmünde Belarus Respublikasy hem çykyş edýär.
Belarusyň Türkmenistandaky ilçisi Stanislaw Çepurnoý bu meýdançanyň öndürijileriň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmak üçin möhüm ähmiýete eýedigini nygtady — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Ilçi bu serginiň, ilkinji nobatda, agrosenagat toplumynda işleýän kärhanalar üçin daşary ýurt hyzmatdaşlaryny tapmak, Türkmenistanyň bu ugurdaky uly mümkinçilikleri bilen tanyşmak, gatnaşyklary ýola goýmak we gepleşikleri geçirmek üçin gowy mümkinçilikdigini belläp geçdi.
«Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň agrosenagat toplumyny ösdürmäge we azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge berýän uly ünsüni göz öňünde tutup, Belarus Respublikasy tarapyndan sergä toplumlaýyn dökünleri öndüriji «KompleMet» kompaniýasy gatnaşýar. Kompaniýa öz önümlerinden başga-da, topragy taýýarlamak we ösümlikleriň ösüşini üpjün etmek boýunça gyzyklanma bildirýän türkmen oba hojalyk öndürijileri üçin netijeli çözgütleri hem hödürleýär» — diýip, diplomat aýtdy.
Ilçi serginiň netijeleri boýunça täze ylalaşyklaryň gazanylmagyna we uzak möhletleýin şertnamalaryň baglaşylmagyna, şeýle hem türkmen topragynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berjekdigine umyt bildirdi.
«Biz sergide öz kärhanamyzyň üstünlikli işlemegine, ylalaşyklaryň gazanylmagyna we, elbetde, şertnamalaryň baglaşylmagyna umyt edýäris. Serginiň ähli gatnaşyjylaryna — hem türkmen tarapyndan, şeýle-de daşary ýurt wekillerine üstünlikleri we netijeli işlemeklerini arzuw edýärin» — diýip, S. Çepurnoý aýtdy.